Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Mongoliýa halkara awtomobil we howa gatnawlaryny gowulandyrmak barada Ylalaşyklara gol çekdiler

15:4914.10.2024
0
8128

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen ylalalşyklaryň arasynda esasy resminamalar ulag pudagyndaky ylalaşyklar boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk, şeýle hem iki ýurduň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk baglaşyldy.

Resminamalara gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasyndaky ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça geçirildi.

Bu ylalaşyklar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ulag aragatnaşygyny ep-esli derejede gowulandyrmalydyr, bu bolsa öz gezeginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, şeýle hem syýahatçylygyň ösmegine uly goşant goşmalydyr.

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça amala aşyrylandygyny ýatladýarys. Saparyň dowamynda iki ýurduň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça meseleleri, şeýle hem sebit we halkara syýasatyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň