Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysyny sowgat etdi

11:5212.10.2024
0
18964
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysyny sowgat etdi
Surat: kg.akipress.org

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag belent mertebeli myhmany mübärekläp we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň Baştutanyny “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu duşuşygyň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşmaga, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Prezident Sadyr Žaparow bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen erk-islege, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Gyrgyzystanda uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Ol möhüm ähmiýetli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kitabyň çapdan çykmagy doganlyk ýurduň medeni durmuşynda möhüm waka boldy.

Duşuşykda energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge-de uly ähmiýet berilýändigi, oba hojalygy pudagynda, senagat toplumynda, hususy ugur boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi.

Söhbetdeşler dostlukly ýurtlarda birek-biregiň Medeniýet günlerini, beýleki döredijilik çärelerini guramak, ylym-bilim we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň