Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy

10:0612.10.2024
0
14707

«Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berýär. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir.

«Türkmenpoçtanyň» habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli ýollama ibermäge mümkinçilik berýär. Hyzmatyň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, bu bahanyň çägine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Eger ýollama 1 kilogramdan agyr bolsa, galan her kilogram üçin goşmaça 5 manat tölemelidir.

«Ekpress ýollamalaryň» esasy peýdaly tarapy ýollamalaryň ony kabul edip alyja tiz ýetirilmegidir. Müşderiler howa menzilindäki poçta bölüminiň hyzmatlaryndan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler. Olaryň ýollamasy gerekli ýerine iň ýakyn howa gatnawy bilen ugradylar.

Täze hyzmat ýurduň çäginde ýollamalaryň tiz we ygtybarly eltilmegine bolan artýan islegi kanagatlandyrmak üçin döredildi. Bu, esasan hem, resminamalary ýa-da uly bolmadyk ýükleri gyssagly eltmegi talap edýän biznes-müşderiler we şahsy taraplar üçin örän amatlydyr.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin petekleri hasaba alyş we ýükler zolagyndan “Ekspress ýollamalar” diýen ýazgyny tapyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň