Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde VI Wena baly açyldy

09:2211.10.2024
0
17302

Şu gün Arkadag şäherinde VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu gezekki döredijilik çäresi ynsanperwer ulgamda iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna gyzyklanmalaryny, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan tagallalaryny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu çäräniň geçirilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna we goldawlaryna eýe bolan açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesi bolup durýar.

Gahryman Arkadygyň ýardam-goldawlary bilen döredilen bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşany bolup durýar. Türkmenistanda geçirilýän Wena balyny bilelikde guralýan ajaýyp çäreleriň biri hökmünde görkezmek bolar.

Iki ýüz ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup, geçen döwürde özüniň meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň köp sanly ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi.

Bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň