Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awazada bolsaňyz, hökman «Soltan» restoranyna baryp görüň

10:4309.10.2024
0
9725

Awazada ýerleşýän «Soltan» restoranynyň menýusy — munuň özi tagama inçelik bilen baha bermäge ukyply gurmanlar üçin örän özboluşly täsinlik diýsegem hakykatdan daş düşmeris. Bu ýerde Ýewropanyň nusgawy görnüşlerinden başlap, Gündogaryň adaty, däp bolan naharlaryna çenli dünýäniň dürli aşhanalarynyň tagamlary hödürlenilýär. Her bir myhman, isle tagamly et ýa-da täze balykdyr datly desertler bolsun, öz islegine kybap gelýän nahary tapyp biler.

Bu ýerde täze balyk tagamlarynyň köpdürli görnüşleri hödürlenýär. Olardan mysal üçin, mangalda osetrinadan taýýarlanylan steýk, osetrinadan kebap, gowrulan sazan, ýeralma püreli ýa-da tüwüli, kedr hozly sudak filesi, rizottoly sazan, mangalda ýa-da peçde taýýarlanylan kefal, hamsa, mangalda ýa-da gowrulan byçok, şeýle hem krispi krewetkalary ýaly tagamlary aýratyn bellemek bolar.

Her bir myhman üçin rahat we oňaýly

«Soltan» restorany myhmanlaryň özlerini oňaýly duýmagyny göz öňünde tutup, olaryň iň rahat ýeri saýlap almagy üçin dürli hili dynç alyş gurşawyny hödürleýär. Giň gurşawly esasy zal maşgala naharlary we dostlukly ýygnaklar üçin amatlydyr. Panoramik deňiz görnüşleri bolan açyk eýwan — romantik agşamlyk ýa-da dostlaryňyz bilen dynç almak üçin örän ajaýyp ýer. Ýekelikde dynç almagy makul bilýänler üçin bolsa rahat we ümsüm dynç alyp boljak burçlar bardyr.

Islendik çäre üçin juda göwnejaý ýer

Özüniň köpdürli tagamlary we ýokary derejeli hyzmatlary bilen «Soltan» restorany dürli çäreleri guramaga laýyk gelýär. Bu ýerde hem kiçi maşgala baýramçylygyny, hem-de uly göwrümli oturylyşyk dabarasyny gurap bilersiňiz. Restoranyň tejribeli hünärmenleri islendik dabarany ýatdan çykmajak görnüşde, aňrybaş derejede guramaga ýardam ederler.

Ýer belläp goýmak we goşmaça gyzyklandyrýan maglumatlary almak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň