Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ätiýaçlandyryşa dahylly käbir resminamalar ýatyryldy

17:1504.10.2024
0
10146

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G. Nurmuhammedow tarapyndan 2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda gol çekilen 59 iş belgili buýruga laýyklykda ätiýaçlandyryş pudagyndaky iki kadalaşdyryjy nama güýji ýitiren diýlip ykrar edildi.

Aşakdaky buýruklar güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi:

• 2006-njy ýylyň 28-nji martyndaky buýruk bilen tassyklanan «Howa gämilerini we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş kadalary».
• 2006-njy ýylyň 5-nji iýunyndaky buýrugy bilen tassyklanan «Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryşyň kadalary».

Buýruk Türkmenistanyň «Hukuk namalary hakynda» we «Ätiýaçlandyryş hakynda» kanunlaryna laýyklykda çykaryldy.

Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek jogapkärçiligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň orunbasarynyň üstüne ýüklendi, şeýle hem buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda 1826 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň