Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

HEA 2025-nji ýylda Ýewropada tebigy gaza islegiň artjakdygyny çaklaýar

11:4604.10.2024
0
5510
HEA 2025-nji ýylda Ýewropada tebigy gaza islegiň artjakdygyny çaklaýar
Surat: gazeta.ru

Tebigy gaza dünýä islegi 2025-nji ýylda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda suwuklandyrylan gaz ugrunda bäsleşigiň artmagy bilen baglylykda, rekord derejä ýeter. Bu barada Halkara Energetika agentliginiň (HEA) hasabatyna salgylanýan «Bloomberg» neşiri habar berdi.

Çarşenbede çap edilen hasabata görä, Ýewropa 2025-nji ýylda suwuklandyrylan gazyň has köp importy gerek bolar, bu bolsa, bazaryň dartgynlylygyna we Aziýa bilen nyrh babatda ýeňillikleriň çäklendirilmegine getirer.

Agentligiň çaklamalaryna görä, Ýewropada gazyň sarp edilişi bu ýyl geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2 göterim azalyp biler. Senagat islegi dikeldi, emma ol henizem krizisden öňküden pes bolmagynda galýar. Şol bir wagtda gazyň energiýa pudagynda ulanylmagy gaýtadan dikeldilýän çeşmelere islegiň güýçlenmegi bilen baglylykda peselmegini dowam edýär. 2025-nji ýylda gaza isleg Ýewropada 1 göterim ýokarlanyp biler.

2025-nji ýylda tebigy gaza islegiň artmagynda Aziýa esasy hereketlendiriji bolmagynda galar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň