Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Italiýa bardy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Prezidenti we ilkinji hanym Aýgül Žaparowany Rimde ýerli ýolbaşçylar, şol sanda Italiýanyň daşary işler ministrliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi hem-de Watikanyň Keramatly Tagtynyň Arhiýepiskopy garşyladylar.
Saparyň dowamynda Sadyr Žaparowyň Iltaliýanyň Prezidenti Serjio Mattarella, şeýle hem Ministrler Geňeşiniň başlygy bilen duşuşyklary bolar. Söhbetdeşliklerde maýa goýum we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.