Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýadan getirilen goňur aýyjyk Aşgabat haýwanat bagynda mesgen tutdy

20:1501.10.2024
0
9482

Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde (Aşgabadyň haýwanat bagynda) ýaş goňur aýy ýaşamak üçin hemişelik mesgen tutdy, ol ýaňy-ýakynda bu ýere Moskwanyň haýwanat bagynyň bölümleriniň birinden — Wolokolamskiýniň Seýrek ýabany haýwanlary köpeltmek boýunça merkezinden getirildi.

Aýyjyk Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewroaziýa birleşigi tarapyndan Aşgabadyň haýwanat bagyna sowgat berildi.

Moskwanyň haýwanat bagynyň baş direktory, Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewroaziýa birleşiginiň prezidenti Swetlana Akulowanyň bize gürrüň berşi ýaly, bu aýy ýöne-möne aýy däl, eýsem ol gahryman aýy: onuň gany başga aýynyň janyny halas edipdir. Swetlana Wladimirownanyň düşündirişine görä, aýynyň gany 7 topar bolup, duýdansyz bagtyň çüwmegi bilen Bubligiň gany (biziň gürrüň berýän aýymyzy ozal şeýle atlandyrypdylar) syrkawlan haýwana gabat gelipdir. Bu gaty seýrek bolýan waka: aýy-donor! Wolokolamskiýniň merkeziniň sosial ulgamyna ýazylanlaryň hemmesi Bubligiň ykbaly hakda ähli zady bilýärler we oňa buýsanýarlar.

Häzir bolsa Wolokolamskiýniň merkezinden goňur aýy täze ajaýyp Sumbar diýen ada mynasyp boldy — ol at oňa biçak laýyk gelýär! Ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişer ýaly ony Janly tebigatyň milli muzeýiniň giň wolýerine goýberdiler.

Ýeri gelende aýtsak, häzir Sumbar wegetarian endiklerini görkezýär: ol etden hem balykdan ýüz öwrüp, esasan bala batyrylan alma, hoz we çörek böleklerini has gowy görýär! Haýwanat bagynyň işgärleri aýyjygy uly alada bilen gurşap aldylar we ony ýabany haýwanlary iýmitlendirmegiň ähli düzgünlerine laýyklykda iýmitlendirýärler. Gözegçiler Sumbaryň ýabany tebigatda ýaly duýmagyny gazanmak üçin, oňa berýän iýmitlerini wolýeriň dürli ýerlerinde gizläp goýýarlar. Bu aýynyň iýmiti erkinlikdäki ýaly tapyp bilmegi üçin edýärler.

Elbetde, Sumbara uýgunlaşmak üçin entek biraz wagt gerek. Ýeke özüniň ýüregi gysmaz ýaly ýakyn wagtda Moskwanyň haýwanat bagyndan gyz goňur aýy oňa taýdaş hökmünde sowgat iberiler, oňa şu wagtdan gaýybana at hem dakdylar — ony bu ýerde Aýdere diýip atlandyrarlar.

Aýylar üç ýaşynda jynsy taýdan kämillik ýaşyna ýetýärler. Sumbar bilen Aýdere bolsa entek «kiçi» bolýarlar, olaryň geljekde dostlaşmaga-da, birek-birek bilen duýgularyny paýlaşmaga-da, maşgala gurmaga-da ýeterlik wagtlary bolar.

Maral HYDYROWA,
«Turkmenportal»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň