Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek «TransLogistica Kazakhstan—2024» sergisine gatnaşarlar

16:4530.09.2024
0
6269

2024-nji ýylyň 9-11-nji oktýabry aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda «Ulag we Logistika» — «TransLogistica Kazakhstan—2024» halkara sergisi geçiriler. Bu çäre EXPO Halkara sergi merkezinde bolar.

Sergi ulag we logistika pudagynda ähmiýetli waka bolar diýlip garaşylýar, onda bu ugra degişli bolan dürli çözgütler hödürlener. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýük daşama-ekspeditorçylyk hyzmatlaryndan başlap häzirki zaman programma üpjünçiligine we ýük gatnatmaklyga dahylly enjamlara çenli ähli täzelikler bilen tanyşdyrylar.

Sergä 20 ýurtdan, şol sanda Awstriýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Türkiýeden 200-e golaý kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu çärede Türkmenistana iki kompaniýa: «Köňül Arzuwy» we «Hazar Ýol» hususy kärhanalary wekilçilik eder.

Serginiň maksatnamasy boýunça dört sany pudaklaýyn maslahat geçiriler, ulag hepdesiniň netijeleri barada EKSPERT TALKS, «Gazagystan – Niderlandlar Işewürler Geňeşi, şeýle hem çärä gatnaşyjy kompaniýalaryň tanyşdyryş çykyşlary bolar. Guramaçylar bu pudagyň bilermenlerini, ulag edaralaryň ýolbaşçylaryny we logistika kompaniýalarynyň baş dolandyryjylaryny çärä gatnaşmaklyga çagyrýar.

Gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň ählisi çäräniň resmi web sahypasyndan mugt bilet alyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň