Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:1126.09.2024
0
5169

Türkmenistanda ilkinji Prezident Saparmyrat Nyýazow hatyralandy, 29 milletiň wekillerine türkmen pasportlary gowşuryldy, Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow hatyralandy. Çäre Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde geçirildi. Çäre metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Dabara öten-geçen merhumlary ýatlap berlen sadaka bilen tamamlandy. Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okap, ýurduň gülläp ösmegi we halkyň abadançylygy barada ýagşy dilegleri etdi.

2. Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen 1146 adama pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurduň çäklerinde hemişelik ýaşaýan 29 milletiň wekili Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, 6 döwletiň raýatlary bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

3. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, rekord goýan kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi. 23-nji sentýabrda Ýere gaýdyp gelen Oleg Kononenko Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawlary we öz işine berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Halk Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk we uly üstünlikleri, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş hem-de we asmanynyň asuda bolmagyny arzuw etdi.

4. Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan medeni çäre geçirildi, onda türkmen dizaýnerleri öz egin-eşik toplumlaryny görkezdiler. Duşuşygy Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow açyp, medeni diplomatiýanyň hem-de medeni mirasy gorap saklamagyň ähmiýetini belledi. Çäre adaty türkmen palawyny dadyp görmek bilen tamamlandy, ilçi muny Merkezi Aziýanyň umumy däpleriniň nyşany diýip atlandyrdy.

Dünýäde

5. Federasiýa Geňeşiniň agzalary Walentina Matwiýenkony palatanyň başlygy wezipesine biragyzdan saýladylar. Ol bu wezipäni 2011-nji ýyldan bäri eýeläp gelýär. Dalaşgärligi häzirki wagtda iň garry senator, başlygyň orunbasary Ýuriý Worobýow hödürledi. Ol Matwiýenkonyň Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasyna ýolbaşçylyk edýän ilkinji zenan bolandygyny ýatlady.

6. Sýerra-Leoneniň ýaşaýjysy 26 ýaşly wizažist Meri Ýongaý täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 24 sagatda 111 sany makiýaž ýerine ýetirip, 19 ýyl mundan ozalky üstünlikden öňe geçdi. Ozalky rekord 96 sany makiýaž eden indoneziýaly Marta Tilaara degişlidi. Bu marafona işjeň taýýarlyk görüldi. Ýongaý uýalarynda we joralarynda türgenleşik geçip, tizligini artdyrdy. Sekiz sagatlyk synag sessiýasy oňa mümkinçiliklerine baha bermäge kömek etdi, şol wagtyň dowamynda ol 48 sany makiýažy tamamlady.

Sport habarlary

7. Türkmen agyr atletikaçysy Anamjan Rustamowa Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Rustamowa 81 kilograma çenli agram derejesinde silterläp götermekde 103 ilogram netije görkezdi, bu bolsa oňa bu tapgyrda üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Rustamowa iki tapgyryň jemi dördünji orny eýeledi. Bu agram derejesinde 233 kilogram netijeli bilen ermenistanly Emma Pogosýan ýeňiji boldy.

8. Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynyň 4-nji tapgyrynyň oýnunda iki gol pasyny berdi. Bu oýunda «Kitçi» 6:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri «Kitçi» toparynyň düzüminde çykyş edýän Mingazow täze möwsümde dört oýnuň dowamynda 1 pökgi geçirip, 6 gol pasyny berdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysynyň taýýarlygy ýokary derejede we ol hemişe toparynyň başlangyç düzüminde meýdança çykýar.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň oýunçylary Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama ýaryşynyň ilkinji oýnunda ýaponiýaly deň-duşlaryndan ýeňildiler. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Mýanmanyň, Ýaponiýanyň we ýaryşyň ýer eýesi bolan Gyrgyzystanyň toparlary bilen bilelikde «I» toparça düşdi. Ýaryşyň indiki duşuşygyny Türkmenistan 27-nji sentýabrda Gyrgyzystana garşy geçirer. Döwletmyrat Annaýewiň şägirtleri üçin saýlama ýaryşy 29-njy sentýabrda Mýanma bilen geçiriljek oýun bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň