Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparlarynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistana gutlag iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Kosmonawt O.Kononenko gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň Başlygyna we ähli watandaşlaryna ýüzlenip:
«Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty häzirki wagtda türkmen döwletliliginiň esasy daýanjy, Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ylalaşyklylygyň kepili, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhy ýoluna ygrarlydygynyň nyşanydyr. Parahatçylyk söýüjilik, öňdengörüjilik, jogapkärçilik, ähli hereketleriň Watanyň bähbitleri bilen sazlaşmagy Halk Maslahatynyň işiniň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.
Şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe sanlyja gün galdy. Meniň eziz Watanym Türkmenistanyň ýylsaýyn ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyna, ykdysadyýetini berkidýändigine, ägirt uly durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrýandygyna, täze şäherleri gurýandygyna, ylmy, bilimi, sporty ösdürýändigine uly buýsanç bilen syn edýärin. Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde belent abraýdan we hormatdan peýdalanyp, öz möhüm halkara başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagyny gazanýar" diýip ýazýar.
Şeýle-de O.Kononenko Türkmenistanyň kosmos pudagynda gazanýan üstünlikleriniň özi üçin aýratyn ähmiýete eýedigini, munuň ýurdy tehnologik taýdan ösen döwletleriň hataryna goşýandygyny belleýär.
Kosmonawt Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine özüniň işi barada edýän yzygiderli aladalary, berýän ünsi, goldawy hem-de ýürekdeşligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär hem-de sagbolsun aýdýar.
Kosmonawt O.Kononenko gutlagynyň ahyrynda hemmeleri Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap:
«Size berk jan saglyk, uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, biziň Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, asmany hemişe asuda we parahat bolsun!» diýýär.