Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:3117.09.2024
0
5174

Türkmenistanda harby gulluga güýzki çagyryş yglan edildi, Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana geldi, Türkmenistanyň Prezidenti we Germaniýanyň Kansleri ilkinji ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsümini geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň 18 – 27 ýaş aralygyndaky harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlary harby gulluga çagyrylar. Harby gulluga çagyrmak bilen bir hatarda, Permanda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanynyň uçary Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde ony Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

3. Serdar Berdimuhamedow we Olaf Şols Astanada «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitiniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler. Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-german gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi, şol sanda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bitirýän hyzmatlary bellenidi.

4. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze üç görnüşleri döredildi: «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy». Bugdaýyň täze görnüşleri ýakynda Türkmenistanda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde tanyşdyryldy.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işlere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşyp, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Duşuşykda pagta ýygymyna we bugdaý ekişine aýratyn üns berildi. Prezident ekiş möwsümini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini nygtady.

6. Aşgabatdaky Daşary işler ministrliginiň binasynda 10-11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Raşid Meredow öz çykyşynda döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, şeýle hem ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň onlarçasynyň wekillerini bir ýere jemlän Maýa goýum forumynyň netijeli geçendigini belledi. Brifingde Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda möhüm energetika we ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek hem-de düýbüni tutmak dabaralaryna aýratyn üns çekildi.

Dünýäde

7. BAE jahankeşdeler üçin innowasion hyzmaty girizýär: 10 GB internet bilen mugt eSIM. Ýurduň iň iri aragatnaşyk operatory «Etisalat» myhmanlara pasport gözegçiliginden geçenden soň derrew wirtual SIM karty işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän täze başlangyç hödürledi. Syýahatçylara diňe QR kody skanirlemek we çalt ýüz tanamak amalyndan geçmek ýeterlik bolar. Bu hyzmat syýahatyň ilkinji 24 sagadynda elýeterlidir. Munuň özi syýahatçylara derrew ýakynlary bilen habarlaşmaga we möhüm onlaýn-hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

8. Halkara paleontologlaryň topary hek döwürdäki Saharany Ýeriň taryhyndaky iň howply ýer diýip atlandyrdy. Olaryň netijelerine görä, 100 million ýyl mundan öň bu sebitde hiç bir jandar ýaşap bilmezdi. Alymlar äpet ýyrtyjylaryň ýaşaýan elhenç ekoulgamyny suratlandyrýarlar. Gözlegçileriň pikiriçe, bu ölüm howply şertde hatda gipotetiki wagt syýahatçysy hem ýaşap bilmezdi.

Sport habarlary

9. Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary AFK 2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyryna gatnaşmak üçin Bagdada geldi. Türkmen topary 18-nji sentýabrda «Al-Madina» halkara stadionynda ýerli «Eýr Fors» topary bilen duşuşar. Bu iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk däl. 2018-nji ýylda «Altyn asyr» AFK Kubogynyň finalynda häzirki baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda 0:2 hasabynda «Eýr Fors» toparyndan ýeňilipdi. Duşuşygyň öňüsyrasynda «Altyn asyr» Bagdatda ilkinji türgenleşigini geçirdi. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlar.

10. Türkmenistanyň paýtagtynda tennis boýunça ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşlar başlandy. Oňa Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 113 türgen gatnaşýar. «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda geçirilýän bu ýaryş 13 ýaşly we ondan uly 59 oglany we 54 gyzy bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Kubogy ýurtda her ýyl geçirilýän esasy tennis ýaryşlarynyň biridir. Onuň netijeleri boýunça milli ýygyndynyň düzümi emele getiriler. Ýaryş 22-nji sentýabrda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň