Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TIF-2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde halkara şertnamalarynyň 18-sine gol çekildi

13:5512.09.2024
0
7411

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2024) ýurdumyzyň döwlet we hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda şertnamalaryň we özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň 18-sine gol çekildi. Bu barada nCa agentliginiň saýty habar berdi.

Gol çekmek dabarasy forumyň ikinji gününde geçirilip, ol energetika, dokma önümçiligi, himiýa senagaty, gämi gurluşygy, demir ýol enjamlary, daşky gurşaw we logistika ýaly köp sanly pudagy öz içine aldy.

Gol çekilen resminamalaryň sanawy

1. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen AIM Global Foundation guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
2. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda gaz pudagynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hakynda ähtnama;
3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Türkiýäniň «Astaş Endüstri Tekstil Makinalary Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň arasynda dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
4. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Türkiýäniň «Menderes Tekstil Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň arasynda dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
5. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaýyň «Wuhuan Engineering Limited» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
6. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Türkiýäniň «Asos Proses Makina A.S.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
7. «Balkan» gämi gurluşygy we abatlaýyş zawody bilen Koreýa Respublikasynyň Gämigurluşygy we deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEA) arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
8. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Emran Shohran Limited» kompaniýasynyň arasynda dizel ýangyjyny (L-0,5-62) satyn almak-satmak boýunça şertnama;
9. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Jawad Oil and Gas Ltd.» kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama;


10. «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Özbegistanyň «Alat» kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama;
11. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Özbegistanyň «Engineering Gaz Avto service» kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama;

12. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýäniň «Çalyk Enerji» kompaniýasynyň arasynda Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy stansiýasyny taslamalaşdyrmak, gurmak, enjamlaşdyrmak we ulanyşa girizmek boýunça şertnama;

13. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries limited» we «Mitsubishi Corporation» kompaniýalarynyň arasynda «Garabogaz» karbamid zawodynyň zerurlyklary üçin üpjünçilik we toplumlaýyn tehniki hyzmatlary bermek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;

14. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan ekologiýa we geografiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama;
15. «Türkmenaaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» kompaniýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň «Kyrgyz poçtasy» poçta kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama;
16. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaýyň «China Railway Material Honkong & Makau Company» kompaniýasynyň arasynda lokomotiwler üçin tigir jübütleriniň işlenen oklaryny (400 birlik) we tigir jübütleri üçin bandažlaryň 800 birligini satyn almak boýunça şertnama;
17. «Türkmen Domen» hojalyk jemgyýeti bilen «European Networks» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama;
18. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkiýäniň «Atoil Kimya ve Petrol Ürünleri» kompaniýasynyň arasynda demir ýol ýolagçy wagonlarynyň dizel-generatorlary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça şertnama.


Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2024) 1156-dan gowrak myhman gatnaşdy, onuň dowamynda dowamynda 77-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm çäre boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň