Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystan Türkmenistana sanly çözgütlerini hödürlemäge taýýar

21:2010.09.2024
0
6881

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk Tatarystan Respublikasy bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklaryň netijesinde has-da täze derejä göterildi. Bu barada RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Garant» söwda öýüniň müdiri Regina Şafikowa TIF-2024 maýa goýum forumynyň çäginde «Turkmenportal» web saýtyna beren interwýusynda belledi.

Regina Şafikowa Tatarystanyň ilata 465 sany elektron hyzmaty hödürlemek bilen, Russiýanyň ilkinji «Sanly» sebitine öwrülendigini aýtdy. Şeýle hem ol «Howpsuz şäher» taslamasy bilen adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we öz wagtynda jogap bermek üçin «Açyk Kazan» ulgamy ýaly jemagat hojalygy hyzmatlaryna degişli bolan sanlylaşdyrma taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Häzirki wagtda Tatarystan Russiýada süýt, ýeralma, gant şugundyry we däne öndürmekde, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maşyngurluşyk, nebitgaz pudagy, energetika, awiasiýa we gämi gurluşygy bolup durýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ätiýaçlyklar täze tehnologiýalar, bilim we sport ýaly ugurlarda hem bar.

R.Şafikowa şeýle hem Tatarystanyň hyzmatdaşlyga açykdygyny we tejribe alyşmaga, Arkadag şäherini iň täze tehnologiýalar hem-de sanly çözgütler bilen enjamlaşdyrmak üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny aýtdy. Geçen ýyl Kazan we Arkadag şäherleriniň doganlaşmagy barada Ylalaşyga gol çekilmegi hyzmatdaşlygy ilerletmekde täze mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum forumynyň çäklerinde «Ýokary Tilsimat» türkmen kompaniýasy bilen innowasiýalar we sanly tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem «Innopolis» ýörite ykdysady zolagynda tagallalary utgaşdyrmak bilen bagly ylalaşyk baglaşmak meýilleşdirilýär.

«Özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardyrys» diýmek bilen, Regina Şafikowa ykdysadyýetiň we daşky gurşawyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan täsirli forumy gurandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň