Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» taslamasynyň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy taýýarlandy

10:4707.09.2024
0
7755

6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, söwda amallaryny halkara kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, işiň döwrebap usullaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak daşary söwdanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Wise-premýer şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek” atly sebitleýin taslama hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy. Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, şol sanda sebit ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.

"Söwda amallaryny halkara kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr" diýip, döwlet Baştutany nygtady we häzirki zaman usullaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly sebitleýin taslamanyň çäginde göz öňünde tutulan çäreler boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň