1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda ilkinji jaň kakyldy, Aşgabatda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumy we Aşgabat şäher häkimliginiň täze toplumy açyldy, TIF-2024 Maýa goýum forumyna 35 ýurtdan 350-den gowrak wekil gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. 1-nji sentýabrda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.
2. Güýzüň ilkinji gününde Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirildi.
3. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy. Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar döredilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar.
4. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşigiň çäginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Täze mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Mekdepde iki çalşykda 1080 çaga bilim alar. Mekdebiň binasy umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk häzirki zaman standartlaryna laýyklykda we tutuşlygyna türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna geçirildi.
5. Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy mynasybetli bu mekdebiň okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat berildi. Sowgatlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirildi.
6. 10-11-nji sentýabrda Aşgabat dünýäniň dürli künjeginden maýadarlar we hünärmenler üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. TIF-2024 Maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin 35 ýurtdan 350-den gowrak wekil hasaba alyndy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu çäre ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň häzirki möhüm ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar. Forum Türkmenistanyň energetika, ulag we kommunikasiýalar, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ýaly geljegi uly pudaklaryna maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
7. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri çaga iýmitini öndürip başlamak bilen, önümleriniň görnüşini artdyrýar. Indi «AMC» haryt nyşany bilen tüwi şülesi, bananly tüwi şülesi, bally manna şülesi we ýedi däneden şüle ýaly mikroelementlere baý şüleleri öndürýär. Bu önümler saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan alty aýlykdan başlap çagalary iýmitlendirmek üçin maslahat berilýär.
Dünýäde
8. Amerikanyň kosmos gullugy NASA-nyň hünärmenleri Gün ýelkeniniň Ýeriň orbitasynda üstünlikli ýerleşdirilendigini habar berdiler. Synag 2024-nji ýylyň aprelinde uçurylan ACS3 kosmiki enjamynda geçirildi. Meýdany 80 inedördül metr bolan dörtburç mata görnüşindäki Gün ýelkeni fotonlary – ýagtylyk bölejiklerini tutup bilýän ýörite materialdan ybaratdyr. Fotonlaryň massasynyň ýoklugyna garamazdan, olar ýelken bilen çaknyşanda, oňa impuls geçirýärler we şeýlelik bilen çekiş güýjüni döredýärler. Öňümizdäki hepdeleriň dowamynda alymlar kosmos şertlerinde ýelkeniň özüni alyp barşyny jikme-jik öwrenerler, onuň hereketini we Gün şöhlesiniň täsirine jogabyny seljererler.
9. Sentýabryň golaýlamagy bilen köp adam düşündirip bolmaýan tukatlyk duýýar. Bu güýzki göwnüçökgünlige näme sebäp bolýar? Garward lukmançylyk mekdebiniň dosenti we Howsala, güýzüň başyndaky artýan tukatlyk merkeziniň esaslandyryjysy doktor Dewid Rozmariniň bellemegine görä, «güýzki aladalylyk» ýa-da «güýzki tukatlyk» adaty bir hadysadyr. Bu ýagdaýyň esasy sebäbi garaşylýan zatlar bilen hakykatyň gabat gelmezliginde. Tomsuň başynda biz ägirt uly meýilnamalar düzýäris, syýahat etmegi we üstünlikleri arzuw edýäris. Güýz gelende bu meýilnamalaryň köpüsiniň durmuşa geçirilmän galandygyna düşünýäris. Tomusda dynç alyp bilmedikler sypdyrylan mümkinçilikleri aýratyn ýiti duýýarlar. «Tutuş ajaýyp möwsümiň deňiňden geçendiginiň» duýgusy aladany we umytsyzlygy döredýär. Psihologlar özüňde aň-paýhasly garaşmagy terbiýelemegi maslahat berýärler. Sentýabry täze başlangyçlaryň döwri diýip kabul ediň. Güýz üçin tomuskydan pes bolmadyk meýilnamalary düzüň.

