Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.
TDH-niň berýän habaryna görä, şunda Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň iýul aýynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy «swap» usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler.
Şeýle hem ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany arasyndaky geçirilen gepleşiklerinde ýakyn geljekde «swap» usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.
Şeýlelik-de ýokarda agzalanlar sebitde energetika pudagynda hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge itergi bolar hem-de dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýardam berer.