Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dynç günleri howa 40 gradusa çenli yssy bolar

10:2020.08.2024
0
11869

Hepdäniň başynda Türkmenistan boýunça howa salkynlap, howanyň ortaça temperaturasy +34 gradus bolar. Dynç günleri ýakynlanda, bu görkeziji +40 gradusa çenli ýokarlanar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +20... +22 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +35 gradusdan +38... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +23 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradusdan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +19... +24 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +17... +22 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +17... +22 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradusdan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +16... +21 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradusdan +34… +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň