Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

19-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:2719.08.2024
0
7146

Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary we çowlugy bilen «Arçmana» bardy, Aşgabatda «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy açyldy, Türkmenistan we Türkiýe halkara gatnawlary pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dowam edýän günlerinde agtyklary we çowlugy bilen «Arçman» şypahanasyna bardy. Şypahananyň çägi boýunça gezelenjiň dowamynda ol agtyklarynyň dynç alyş möwsümi döwründe öwrenen bilimleri, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy.

2. Türkmenistanyň paýtagtynda «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Müňlerçe myhmanlaryň ünsüni özüne çeken bu ajaýyp waka şäheriň körpeje raýatlary we olaryň ene-atalary üçin hakyky baýramçylyga öwrülmegi wada berýär. «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşýän Göçme sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan «Kids Expo» sergisiniň pawilýonlaryny şatlyk we çagalaryň gülküsi gurşap aldy. Serginiň ilkinji gününde myhmanlar çaga lybaslarynyň moda görkezişlerinden lezzet alyp, ýetginjekler we olaryň ene-atalary üçin hünär ugrukdyrmasy boýunça okuw sapagyna gatnaşyp bilerler, şeýle hem ýaş thekwondoçylaryň täsin çykyşyna tomaşa ederler.

3. Stambulda Türkmenistanyň Baş konsuly M.Öwezow Türkiýäniň Halkara awtomobil daşaýjylary assosiasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Ulag we logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ulag we logistikany ösdürmegiň innowasion çemeleşmelerini, şol sanda ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ulanmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Türkmenistan bilen UND-niň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns çekildi.

4. Türkmenistanyň wekiliýeti 21-nji awgustda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly konserte gatnaşmak üçin Moskwa ugrady. Konsert «Dostlary ýygnaýarys» («Собираем друзей») atly halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde Moskwa döwlet konserwatoriýasy tarapyndan geçirilýär. Konsertde «Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman aýdym-saz sungaty» atly umumy sapak hem guralar.

5. Döwlet derejesindäki çäreleriň tertibindäki üýtgeşmeler sebäpli «Türkmenistanyň maýa goýum forumy» 10-11-nji sentýabra süýşürildi. Ozal Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guraýan bu forumyna 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmak üçin hasaba alynandygy barada habar berildi. Bu çäre halkara habar beriş serişdeleriniň we maliýe toparlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

6. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow «Telegram» kanalynda türkmen alabaýy Akdostuň kömelekli sebediň ýanynda duran suratyny paýlaşdy. Respublikanyň Baştutany surata: «Olja» diýip at goýdy. Awgust aýynyň başynda ýagan ýagyşdan bäri tatarystanlylar tokaýdan kömelek çöpleýärler we köplenç, çöplän kömelekleri bilen sosial ulgamlarda «öwünýärler». Rustam Minnihanow hem sosial ulgamlarda Akdost bilen ýekşenbe güni gezim etmäge çykan mahaly çöplän kömelekleriniň suratyny ýerleşdirdi.

Dünýäde

7. Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 78 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde «Her öýde Tiranga» atly giň gerimli watançylyk çäresi geçirildi. Ýurduň ýolbaşçylarynyň başlangyjy ilatyň arasynda görlüp-eşidilmedik seslenme döretdi: 50 milliondan gowrak raýat bu maksat bilen ýörite döredilen web çeşmesine milli baýdak bilen düşen suratlaryny ýükledi. 9 – 15-nji awgust aralygynda geçirilen çäre tutuş ýurdy gurşap aldy.

Sport habarlary

8. Gazagystanda jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Onda türkmenistanly türgen Jelilmuhammet Hojamyradow uly ýaşlylaryň arasynda çempion bolmagy başardy. 77 kilograma çenli agram derejesinde garşydaşlarynyň hiç birine-de boýun egmedik Jelilmuhammet final tutluşygynda gazagystanly türgeni ýeňdi. Ýaryşa 6 döwletden ― Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Italiýadan we Türkmenistandan 570 türgen gatnaşdy. Merkezi Aziýanyň çempionatyna 26 türgen bilen gatnaşan Türkmenistan 17 medal gazandy. Olaryň 2-si altyn, 8-si kümüş, 7-si bürünç medaldyr.

9. «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşýän Göçme sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan «KidsExpo» köpugurly sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalar üçin ýörite bölüm gurnaýar. Bu bölümde çagalar futbol dünýäsine ilkinji ädimlerini ädip, ýurduň meşhur futbolçylary bilen duşuşyp we hatda olar bilen oýnap bilerler. Kiçi futbol meýdançasyny ýada salýan bölümde futbol barada gyzykly söhbetdeşlikler geçiriler, şeýle hem çagalar fijitl görnüşindäki futbolda güýçlerini synap bilerler.

10. Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» 2024/25-nji möwsümdäki AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişliginden öň ikinji sebede düşdi. Aziýa Futbol Konfederasiýasy toparlaryň sebetler boýunça paýlanyşyny çap etdi. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyry merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Her topardan iň gowy iki topar çärýek finala çykar. 22-nji awgustda geçiriljek bije çekişlik öňümizdäki ýaryşda toparçalaryň jemleýji düzümini we «Arkadagyň» garşydaşlaryny kesgitlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň