Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Gudratow 17-nji awgustda Kabula sapar bilen bardylar. Bu barada özbek habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report» ýazýar.
Saparyň maksady Owganystan bilen Özbegistanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmakdyr.
Özbegistanyň Hökümet başlygy şeýle hem «Made in Uzbekistan» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşar.