Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AÇL ― 2: «Altyn аsyryň» duşuşyklarynyň senenamasy kesgitlenildi

14:5417.08.2024
0
8168

Aşgabadyň «Altyn аsyr» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki duşuşyklarynyň tertibi belli boldy. Oňa görä, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ilkinji duşuşygyny 18-nji sentýabrda AFK-nyň kubogynyň 2018-nji ýyldaky finalynda duşuşan garşydaşy – Yragyň «Eýr Fors» topary bilen myhmançylykda geçirerler. Toparyň Aşgabatdaky ilkinji duşuşygy bolsa 2-nji oktýabrda Bahreýniň «Al-Haldiýa» topary bilen bolar. «Altyn аsyr» alty duşuşykdan ybarat tapgyry 4-nji dekabrda hut şu topar bilen myhmançylykda geçirjek duşuşygy arkaly tamamlar diýip, "Janköýer" habar berýär.

«Altyn Asyr» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki duşuşyklarynyň tertibi:

18.09.2024ý., I tapgyr:

«Eýr Fors» (Yrak) ― «Altyn asyr» (Türkmenistan);

02.10.2024ý., II tapgyr:

«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Al-Haldiýa» (Bahreýn);

23.10.2024ý., III tapgyr:

«Al-Taawun» (Saud Arabystany) ― «Altyn аsyr» (Türkmenistan)

06.11.2024ý., IV tapgyr:

«Altyn аsyr» (Türkmenistan) ― «Al-Taawun» (Saud Arabystany);

27.11.2024ý., V tapgyr:

«Altyn аsyr» (Türkmenistan) ― «Eýr Fors» (Yrak);

04.12.2024ý., VI tapgyr:

«Al-Haldiýa» (Bahreýn) ― «Altyn аsyr» (Türkmenistan).

Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde her toparçadan iki wekil ýaryşyň 1/8 finalyna çykmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň