Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Türkiýe halkara ýük daşamalary babatda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

13:4117.08.2024
0
22617

16-njy awgustda Stambulda Türkmenistanyň Baş konsuly M.Öwezow Türkiýäniň Halkara awtomobil daşaýjylary assosiasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Ulag we logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdylar, diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Taraplar ulag we logistikany ösdürmegiň innowasion çemeleşmelerini, şol sanda ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ulanmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Türkmenistan bilen UND-niň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ulag aragatnaşygynyň global möçberde ähmiýetini nygtadylar we bu ugurda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň möhümdigini bellediler.

Iki tarap hem sebitde üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagyň geljegine, aýratyn hem Türkmenistanyň halkara ulag torlarynyň giňden döwrebaplaşdyrylmagyny nazara alyp, ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň