Türkmenistan noýabr aýynda Dagystanda (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek II Halkara Hazar sanly ulgam forumyna çagyrylýar.
TASS-yň habaryna görä, foruma Hazar sebitiniň ähli ýurtlaryndan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
— Foruma Hazar sebitiniň ähli döwletleriniň, ýagny Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň wekillerini çagyrdyk — diýip, sebitiň sanly ulgam boýunça ösüş ministri Ýuriý Gamzatowa belledi.
Çärä gatnaşyjylar ulag, logistika, ekologiýa we syýahatçylyk ugurlaryndaky geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň esasy mowzugy sanlylaşdyrma arkaly Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ösüşi bolar.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, Dagystanda geçirilen ilkinji Halkara Hazar sanly ulgam forumyna 600-den gowrak wekil gatnaşdy.