Top.Mail.Ru

«Real» «Atalantany» 2:0 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy

07:0315.08.2024
0
8135

UEFA Çempionlar Ligasynyň ýeňiji bilen UEFA Ýewropa Ligasynyň ýeňijisiniň arasynda geçirilýän UEFA Super Kubogy duşuşygynyň 49-njysy Polşanyň Warşawa şäherinde oýnaldy.

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Italiýanyň “Atalanta” toparynyň arasynda oýnalan duşuşyk 2-0 hasabynda Çempionlar Ligasynyň çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda “Real Madride” ýeňiş getiren gollary 59-njy minutda Winisius Junioryň pasyndan soň Federiko Walwerde hem-de 68-nji minutda Jud Bellingamyň pasy bilen täze transfer Kilian Mbappe geçirdi. “Real Madrid” topary UEFA Super Kubogyny 6-njy gezek eýelän ilkinji topar bolup, ol “Milandyr” “Barselonany” yzda galdyrdy. “Real Madrid” topary mundan öň UEFA Super Kubogyny 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda gazanypdy.

Madridliler 1998-nji, 2000-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Super Kubogy duşuşygynda degişlilikde, “Çelsidir” “Galatasaraýdan” hem-de “Atletiko Madridden” ýeňlipdi.

Duşuşygyň ýyldyzy diýlip, 1 asist bilen çykyş eden Jud Bellingam saýlandy.

Fransiýaly super ýyldyz Kilian Mbappe täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygynda gol geçirip, ilkinji kubogyny-da asmana göterdi.

“Real Madrid” topary 2024-nji ýyldaky 4-nji kubogyny gazandy.

Ispan klublary 17-nji gezek bu kubogy eýeläp, Çempionlar Ligasynyň çempionlary-da 29-njy gezek gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň