Top.Mail.Ru

Talyplar üçin: Türkmenistanda okuw tölegiňizi e.gov.tm portaly arkaly onlaýn töläp bilersiňiz

15:5014.08.2024
0
16943

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary öz okuwlarynyň töleglerini e.gov.tm döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn töläp bilýärler.

Bu hyzmat "Onlaýn hyzmatlar" / "Bilim ulgamy" / "Talyplar tölegi" bölüminde elýeterli bolup, "Altyn Asyr" bank karty ulgamynyň plastik kartlary bilen töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu hyzmaty ulanmak üçin talyplar öz okuw jaýynyň buhgalteriýasyndan alan maglumatlary ulanyp, portalda şahsy hasabyna girmeli. Töleg baradaky maglumatlary dolduryp we bank kartynyň maglumatlaryny girizenden soň, töleg amala aşyrylar. Hyzmaty ulanmak üçin bank kartynyň SMS-habarlaşmagyň birikdirilen bolmagy zerurdyr.

Türkmen we rus dillerinde elýeterli bolan, amatly interfeýsli we mobil goşundyly bu portal raýatlaryň döwlet edaralary bilen aragatnaşygyny ep-esli ýeňilleşdirýär. Okuwy onlaýn tölemek barada goşmaça maglumat almak üçin 48-00-65 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň