Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkiýe daşary ýurtly raýatlar üçin täze gözegçilik çärelerini girizýär

15:0314.08.2024
0
11750

Türkiýe, ABŞ we Beýik Britaniýanyň mysalyna eýerip, ýurda girýän daşary ýurtlulardan hökmany barmak yzlaryny almagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň beýanatyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Ministriň aýtmagyna görä, bu çäre bikanun migrasiýa we adam söwdasy bilen göreşmek strategiýasynyň bir bölegi bolar. Mundan başga-da, Türkiýede wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurtlular üçin şahsyýetnamalaryna çip goýmak meýilleşdirilýär. Ýurduň daşary ýurtly ilatynyň ep-esli bölegini düzýän Siriýa raýatlaryna aýratyn üns berler.

Maglumatlara görä, Türkiýede 4,4 million daşary ýurtly hasaba alnan, olaryň 3 milliondan gowragy Siriýanyň raýatlarydyr.

Bu Türkiýäniň daşary ýurtlulara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça ilkinji başlangyjy däl. Geçen ýylyň güýzünde syýahatçylaryň gysga möhletli ýaşaýyş jaý kireýine almak üçin talaplar güýçlendirildi. Indi 100 günden az möhlete jaý kireýine bermek üçin jaýdaky ähli eýeleriň razylygy, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ygtyýarnamasy, şeýle hem resmi kireýe şertnamasy talap edilýär. Bu talaplary bozanlar üçin 100 müň türk lirasyndan (3,5 müň ABŞ dollary) 1 million türk lirasyna (35,3 müň ABŞ dollary) çenli uly jerimeler göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň