Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Yssykköli zibilden arassaladylar

16:3613.08.2024
0
7062
Yssykköli zibilden arassaladylar
Surat: economist.kg

Gyrgyzystanda Yssykköli arassaladylar, bu barada ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow aýratyn görkezme berdi. Häkimiýetler Respublikanyň iň gözel suw howdanyny goramak hem-de ekologik heläkçiligiň öňüni almak isleýärler diýip, «MIR 24» habar berdi.

Kölüň töwereginde pansionatlar ýerleşýär. Ol ýerlerde dynç alýanlar kän zibil galdyrýarlar. Şemal bolsa, olary deňziň töweregine pytradýar, guwwaslar köli olardan yzygiderli arassalamaly bolýarlar.

Diňe şu ýylyň özünde Yssykkölüň düýbünden 6 tonna töweregi dürli galyndylary we 40 kilometrlik balyk tutulýan torlary ýygnadylar. Kölde senagat maksatly balyk awlamak gadagan edilen. Şeýle işler hemişe alnyp barylýar.

Galyberse-de, Yssykköl sebitinde polietilen haltalary ulanmagy bes etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň