Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistana resmi sapar bilen çagyryldy

01:4612.08.2024
0
8667

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifden hat geldi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri iberen hatynda iýul aýynda Astanada, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ýakymly duşuşyk üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirýär hem-de şol duşuşygyň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berendigini belleýär.


— Pakistan-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak babatda Siziň şahsy garaýşyňyz mende uly täsir galdyrdy. Pakistan Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Umumy taryhy gymmatlyklary hem-de geografik ýagdaýy bilen baglanyşykly ýurtlarymyz dost we hyzmatdaşdyrlar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Siziň Alyhezretiňizi Pakistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn we Sizi garşy almak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk we parahatçylyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! — diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan hatynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň