Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar

13:4710.08.2024
0
9257

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Aşgabada resmi sapar bilen gelmegine hem-de onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 9-njy awgustda Astanada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen döwletiniň Baştutanyna köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly üns berýändigi barada aýtmak bilen, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe döwletara dialogy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, ulag ulgamynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu babatda Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly, Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak we Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki bir ileri tutulýan ugry energetika bilen baglanyşyklydyr. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň gazak Lideri bilen duşuşygynyň barşynda gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu mesele boýunça gepleşiklere taýýardygyny ýene bir gezek nygtady. Elektroenergetika ulgamynda-da hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle-de duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň