Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny gorap saklamak boýunça çykyş etdi

17:1709.08.2024
0
10232

Gazagystan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, özboluşlylygy, özbaşdaklygy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalary saýlamak hukugyny gorap saklamak bilen, sebiti gülläp ösýän we häzirki zaman ählumumy gatnaşyklara çuňňur goşulyşan sebite öwürmek maksat edinilýär. Serdar Berdimuhamedow diňe şeýle şertlerde döwletleriň we halklaryň özlerine mynasyp geljek üpjün etjekdiklerine berk ynam bildirdi.
«Sebitimizi daşarky täsirleriň astyna, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklylygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň