Top.Mail.Ru

«PostShop» mobil goşundysy: Türkmenistanyň ähli ýerine eltip berýän köpugurly dükan

13:4009.08.2024
0
9193

«PostShop» mobil goşundysy müşderilere köpugurly onlaýn dükanda söwda etmegiň oňaýly görnüşini hödürleýär. «PostShop» goşundysy elektronikadan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, oýunjaklara hem-de öý üçin niýetlenen enjamlara çenli harytlaryň giň assortimentine elýeterliligi üpjün edýär.

Goşundynyň esasy tapawutly aýratynlygy bolsa — öýden ýa-da ofisden çykmazdan, islendik gerek bolan zadyňy sargyt etmek mümkinçiligidir. «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi üçin «PostShop» harytlary Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip berýär. Eltip bermegiň möhleti: Harytlar Aşgabat şäheriniň çägine we töweregine 24 sagadyň, welaýatlara bolsa — 3-5 günüň dowamynda ýetirilýär.

«PostShop» goşundysy töleg etmegiň çeýe usullaryny hödürleýär. Alyjylar eden söwdasynyň tölegini nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyk görnüşinde geçirip bilýärler.

«PostShop» goşundysy — bu özünde giň assortimenti, tiz eltip berme hyzmatyny we oňaýly ulanyş aýratynlyklaryny birleşdiýän amatly söwdanyň döwrebap çözgüdidir.

Söwda etmegiň adaty görnüşiden peýdalanmak isleýänler üçin «PostShop»-yň adaty dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: B.Annanow köçesi, 39A jaýy.

Mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň