Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada gök leňňeçlere garşy göreş boýunça ýörite ýolbaşçy bellendi

13:4408.08.2024
0
7406
Italiýada gök leňňeçlere garşy göreş boýunça ýörite ýolbaşçy bellendi
Rg.ru

Apennin adalarynda adaty bolmadyk wezipe döretdiler, ol gök leňňeçlere garşy göreş boýunça ýörite komissardyr. Leňňeçler ýerli ekoulgama howp salmak bilen, balykçylary awsyz goýýar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Täze wezipäni Rowigo we Rawenna etraplarynyň öňki ýolbaşçylarynyň biri Enriko Katerino ynandylar. Ol indi gök leňňeçlere garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn maksatnama taýýarlamaly bolar. Şunda zyýan berijileri tutmak babatda aýgytly çäreler göz öňünde tutulýar.

Gök leňňeç Atlantik ummanynyň günbatar böleginde duşýar. Giňden ýaýran çaklamalaryň birine görä, ol Ortaýer deňzine gämileriň birinden gaçyp ýa-da bilgeşleýin goýberilip, düşen bolmaly. Ýyrtyjy ýerli şertlere tiz uýgunlaşyp, ýurduň demirgazygynda işjeň köpelipdir hem-de öň ýaşaýan görnüşleri gysyp çykarmak bilen, deňziň ekoulgamyna zyýan ýetirýär.

Italiýanyň iri «Coldiretti» oba hojalyk assosiasiýasynyň hasaplamalaryna görä, leňňeçleriň bu görnüşi mollýusklaryň önümçiligine 100 million ýewro möçberinde ýitgi getiripdir.

Ýörite komissaryň işi 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň