Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Ýokary liganyň üçünji aýlawyna Rumyniýada gören taýýarlygyny üstünlikli jemledi. Bu ýerdäki jemleýji duşuşygynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri Buharestiň «Rapid» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdiler.
Topar Rumyniýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçirdi. Şolaryň dördüsinde ýeňiş gazanan «Arkadag» diňe bir duşuşykda utuldy. Has takygy, Buharestiň «Dinamosy» (1:0), «AKS Kids Tampa Braşow» (3:2), «Sepsi OSK II» (5:0) we «Rapid» (2:0) toparlary türkmen futbolçylaryndan asgyn geldiler. Diňe «Konkodoriýa» 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Milli çempionatyň üçünji aýlawynyň bosagasynda toparyň düzüminde käbir üýtgeşmeleriň bolandygyny hem aýtmak gerek. Derwezeçi Rahat Japarow «Ahala» gaýdyp bardy, Rüstem Ahallyýew bolsa «Ahaldan» «Arkadaga» geçdi.