Top.Mail.Ru

Türkmenistan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmetini pagta ýygmak işlerinde ulanmagy gadagan etdi

11:3807.08.2024
0
9885

Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň buýrugy bilen 18 ýaşa ýetmedikleriň zähmetiniň pagta ýygmakda ulanylmagy gadagan edildi.

Buýruga görä, ýetginjekler üçin gadagan edilen hünärleriň sanawyna iki sany täze wezipe goşuldy: «Pagta ýygymçy» we «Pagtaçy».

Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň başynda tassyklanan degişli Sanawa üýtgeşmeler girizildi. Täze buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alyndy. Resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasaryna ynanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň