Rumyniýada ýagyşlar eýýäm birnäçe aý bäri ýok. Netijede, köller guraýar, hasyl ýok bolýar. Galas uezdindäki Talabaska köli düýbünden gurady. Howa bolsa, gitdigiçe gyzmak bilen.
Ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler: "Bu bolýan ýagdaýlar gaty gorkunç, eger bir çäre görülmese, bu ýurt basym çöle öwrüler", "Bärde ýagdaý gaty agyr. Baglar gurady, mekgejöwen saraldy, çüwdürimler suwsuz galdy. Üç aý bäri ýagyn garasyny göremzok."
Bu ýyl Rumyniýa mekgejöwen, günebakar hasylyny mazaly ýitirer diýlip garaşylýar. Bu ýagdaý oba hojalyk ministrini daýhanlara öweztölegini tölemäge mejbur etdi.
Bu barada «Euronews.com» ýazýar.