Top.Mail.Ru

«Roland Garrosda» ilkinji gezek türkmen tennisçisi ýaryşar

00:4705.08.2024
0
8780

5 ― 9-njy awgust aralygynda Almaty şäheriniň «Gorkiý tennis park» kortunda geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky «Roland Garros» ýaryşynyň saýlama tapgyryna taryhda ilkinji gezek türkmen tennisçisi hem gatnaşar.

Bu abraýly ýaryşda Türkmenistana ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Hasanowyň ýolbaşçylygynda ýaş tennisçi Sabrina Rahmanowa wekilçilik eder.

Ýaryşyň saýlama tapgyrynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň 17 ýaşdan kiçi tennisçileriniň iň güýçli 16-sy gatnaşar. Bu ýaryşda Sabrina Rahmanowa 2025-nji ýylda geçiriljek esasy ýaryşa gatnaşmak üçin güýç synanyşar.

Ezber tennisçi bu ýaryşa geçen aýda Özbegistandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy arkaly taýýarlyk gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň