Top.Mail.Ru

«Ahal» Türkiýede geçiren ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

11:3802.08.2024
0
11029

Şu günler Türkiýäniň Kartepe şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan «Ahal» futbol topary bu ýerdäki ýoldaşlyk duşuşyklarynda ajaýyp netijeleri görkezýär.

Welsähet Öwezowyň şägirtleri bu ýerde ilki bilen Saud Arabystanynyň «Al-Safa» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Türkiýäniň «Fethiýespor» topary bilen geçirilen duşuşyk hem «Ahalyň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ikinji duşuşykda türkmen toparynyň gollaryny kapitan Elman Tagaýew bilen Daýanç Meredow geçirdi.

«Ahal» bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de ikisini geçirer. 4-nji awgustdaky garşydaş Saud Arabystanynyň «Al-Ahdoud», 7-nji awgustdaky garşydaş bolsa Eýranyň «Gol Gohar» topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň