Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy

17:5301.08.2024
0
9131
Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy
Salam News

Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katarda ýerleşýän Ýunus Emre institutynyň wekili Muhammet Mazhar Şahiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Dohadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, "SalamNews" habar berýär.

Duşuşykda türkmen ilçisi 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýäniň beýleki döwletlerinde geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Türkmen diplomaty mundan ozal Kataryň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassam Hamad Al Tani bilen duşuşyp, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar medeni gatnaşyklaryň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Kataryň Medeniýet günleriniň Türkmenistanda geçirilmegi, şeýle hem Kataryň wekilleriniň beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy bilen bagly meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň