Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Masud Pezeşkiýan Eýranyň Prezidentiniň kasamyny kabul etdi

09:3231.07.2024
0
7035
Masud Pezeşkiýan Eýranyň Prezidentiniň kasamyny kabul etdi
Surat: mir24.tv

Düýn— 30-njy iýulda Tährandaky Parlament binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň kasam kabul ediş dabarasy boldy. Dabara dünýäniň 80 ýurdundan ýokary wezipeli myhmanlar gatnaşdylar.

Pezeşkiýan parlamentarileriň, Konstitusiýany goramak Geňeşiniň (hökümetiň parlamentiň üstünden ýokary edarasy) we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylarynyň öňünde kasam kabul etdi. Millete ýüzlenmesinde ol öz hökümetiniň ähli eýranlylaryň hukuklaryny üpjün etjekdigini hem-de gürrüňsiz milli bähbitlere eýerjekdigini nygtady. «Ol 14-nji hökümetiň Eýranyň progresini we ösüşini gazanjakdygyny, ykdysady kuwwaty artdyrjakdygyny we adamlaryň durmuşyny gowulandyrjakdygyny aýtdy» diýip, «MIR 24» ýazýar.

Dabarada Eýranyň döwlet Senasy ýaňlandy we Gurhan okaldy. Pezeşkiýanyň saýlawlardaky bäsdeşi, Parlamentiň başlygy Mohammad Bager Galibaf we kazyýet häkimiýetiniň başlygy Golamhuseýn Mohseni-Ežei çykyş etdiler.
Masud Pezeşkiýan Eýranyň dokuzynjy Prezidenti boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň