Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýadaky Appiýa ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

10:1229.07.2024
0
8959

Appiýa ýoly ÝUNESKO halkara guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi, bu baradaky çözgüt guramanyň geňeşiniň Deli şäherinde geçýän ýygnagynda kabul edildi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýol baryp Gadymy Rimiň Respublika döwründe (b.e.öň 312-nji ýyl) gurlup, hökümdar Appiýa Klawdiýa Sekiň hormatyna atlandyrylypdyr. Bu ýol arkaly Gresiýa, Müsür we Kiçi Aziýa bilen gatnaşyk ýola goýlupdyr.

Italiýa ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna iň köp taryhy ýerlerdir gymmatly tapyndylar girizilen ýurtdur. Uzynlygy 500 kilometrden hem uzak bolan Appiýa ýoly olaryň 60-njysy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň