Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Parlak nesil» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar

07:1227.07.2024
0
4896

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalaryny hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin «Parlak nesil» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün, 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň