Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň gerimine baha bermek üçin täze taslama taýýarlanýar

11:0025.07.2024
0
8482

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň gerimine baha bermek üçin täze taslama taýýarlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, iýul aýynyň başynda Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) we «FutureWater» maslahat beriş kompaniýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen duşuşyklarydyr geňeşmeler geçirmek üçin Aşgabat şäherine bardy. Bu barada «nCa» habar berdi. Maksat täze taslamanyň çäginde ylmy we amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Teklip edilýän taslama aşakdaky ýaly meseleleri öz içine alar:

  • Institusional we kanunçylyk işlerini güýçlendirmek;
  • howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çäreleri;
  • mitigasiýa strategiýalary (parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak);
  • suw pudagynda sanlaşdyrmak;
  • kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek.

Taslama howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, esasan hem Türkmenistanyň suw we oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary kesgitlemegi we konseptuallaşdyrmagy aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär. Çeşmäniň bellemegine görä, bu howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň kartalaryny döretmegi öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň