Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Merw» Türkiýede daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýär

14:3924.07.2024
0
8728

Şu günler Türkiýäniň Bolu şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan «Merw» futbol topary bu ýerdäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny Demirgazyk Makedoniýanyň «Şkupi» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Agramly bölegi güýçleriň deňeçerliginde geçen duşuşyk «Şkupiniň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna we Kubok ýaryşyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi maksat edinýän topar Türkiýede ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de üçüsini meýilleşdirýär. Bu barada klubyň metbugat gullugy jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.

Ine, şol duşuşyklaryň tertibi:

24.07.2024 ý.

«Pendikspor» (Türkiýe) ― «Merw» (Türkmenistan).

Takmynan başlanýan wagty: 18:00 (Aşgabat wagty bilen).

26.07.2024 ý.

«Igdirspor» (Türkiýe) ― «Merw» (Türkmenistan).

28.07.2024 ý.

«Priştina» (Kosowo) ― «Merw» (Türkmenstan).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň