Top.Mail.Ru

Arhiw

Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler

11:0024.07.2024
0
5706
Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler
Surat: ru.euronews.com

Fransiýanyň paýtagtyna yzy üzülmän bütin dünýäden türgenler we olimpiýa toparlarynyň agzalary gelýärler. Olimpiýa oýunlary resmi taýdan şu annada başlanar.

Peruly sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça türgen gyz Mariýa Luiza Doýg Kalderon üçin bu üçünji Olimpiada, bu gezek ol öz ýurdunyň baýdagyny ýaryşlaryň açylyş dabarasynda götermeli.

Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Bu elbetde, meniň durmuşa geçen arzuwym. Biz munuň üçin gaty köp türgenleşýäris. Men sportuň bu görnüşi bilen eýýäm 28 ýyl bäri meşgullanyp gelýärin, bu üçünji Olimpiýa oýunlarym, men onuň başlanjakdygyna begenýärin».

Britaniýaly badmintonçy gyz Kristi Gilmur hem oýunlara ilkinji gezek gatnaşanok. Ol wagt geçirmek üçin olimpiýa şäherjigindäki ýaşajak ýerini tertibe salýar.

Kristina şeýle gürrüň berýär: «Men öýden öz ýassygymy getirdim. Olimpiýa obasyndaky berk tertip-düzgünli durmuşy azajygam bolsa ýeňilleşdirmek üçin öýümizdäki ýagdaýy duýar ýaly kiçeňräk şem hem alyp geldim».

Bu barada «euronews.com» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň