Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Parižde gyzgyn garşylanyldy

05:2124.07.2024
0
10347

Düýn Parižiň Şarl de Goll adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetini garşylamak dabarasy boldy. Bu ýere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, meýletinçiler we beýleki adamlar ýygnandylar.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip gelen meýletinçileriň uzyn hatarynyň öňünden geçen olimpiýaçy türgenlerimiziň dabaraly garşylanylmagy tolgundyryjy duýgulary döretdi. Wekiliýet agzalaryna duz-çörek hödürlenilip, öňde boljak iri sport baýramçylygynda üstünlikler arzuw edildi.

Soňra türkmenistanly türgenlerdir tälimçiler Pariždäki “Olimpiýa obasyna” baryp, bu ýerde ýaşamaly hem-de türgenleşik geçmeli ýerleri bilen tanyşdylar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen türgenleriniň 6-sy 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça gatnaşar. 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy türgenlerimizi ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Soňky ýyllarda geçirilen halkara derejeli ýaryşlarda gazanan ýeňişleri olaryň Pariž Olimpiadasynda hem üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda guralan dabarada milli ýygyndy toparymyzyň agzalary her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iň iri ýaryşda Watanymyzyň sport abraýyny belende götermegiň hatyrasyna ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň