Amerikaly astronawtlara Marsa tarap ýola düşmäge wagt boldy. ABŞ-dan meşhur işewür, milliarder Ilon Mask «Apollon-11» kosmos gämisiniň Aýa gonmagynyň 55 ýyllygyna bagyşlap, şeýle teklip bilen sosial ulgamda ýazdy.
Maskyň: «Indi Amerika üçin astronawtlary Marsa ýollamak bilen, has uly belentliklere ýetmek gerek» diýen sözlerini «MIR 24» getirýär.
Işewüriň älem raketalaryny öndürmeklige ýöriteleşen kompaniýasynda häzirki wagtda Aýa we Marsa uçuşy amala aşyrmak üçin dolandyrylýan gämini döretmegiň üstünde işler dowam edýär.