Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy boldy

15:2922.07.2024
0
11136

Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşy Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport äleminiň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.

Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiadada türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki sany ýörite Karar kabul etdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy topary Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.

Giň sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri – Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada-2024-e gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Çäräniň barşynda çykyşlar diňlenildi.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary we Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň