Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

22-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0622.07.2024
0
11272

«Türkmengaz» we «ADNOC» gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň Prezidenti Parižde geçiriljek Oýunlaryň öňüsyrasynda ýurduň Olimpiýa ýygyndysyna gutlag iberdi, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny alyp maslahatlaşdylar. «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi we Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ADNOC kompaniýasynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy ýurduň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak hakynda Karar kabul etdi. Mejlis 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Mejlisiň dowamynda ýurduň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistany ösdürmegiň uzakmöhletleýin strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

4. Russiýanyň etnografiýa muzeýinde milli türkmen lybaslaryny sowgat bermek dabarasy geçirildi. Erkek we zenan lybaslarynyň toplumy muzeýe «Wozroždeniýe» kompaniýalar topary tarapyndan sowgat berildi. Häzirki zaman senetçileriniň milli usulda döreden lybaslary donlary, köýnekleri, başgaplary, aýakgaplary we şaý-sepleri öz içine alýar.

5. Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda Hindi mangosynyň festiwaly geçirildi. Çäre «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky medeni alyşmalaryň aýdyň mysalyna öwrüldi. Festiwalyň myhmanlary mangonyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Myhmanlara bu miweden taýýarlanan dürli tagamlar we içgiler hödürlendi. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Bhagat öz ýurdunyň Aşgabat şäherine iberilýän ter miweleriň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Dünýäde

6. ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýden ýetip gelýän saýlawlara gatnaşmazlyk kararyna gelendigini yglan etdi. Ol Prezidentlik möhleti tamamlanýança wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegiň esasy maksady bolup durýandygyny aýtdy. Baýden bu kararyny ýurduň abadançylygy we Demokratik partiýanyň bähbitleri bilen baglanyşdyrdy. Ol oruntutary hökmünde döwlet Baştutany wezipesine dalaş etmäge taýýardygyny mälim eden wise-prezident, 59 ýaşly Kamala Harrisiň dalaşgärligini teklip etdi.

7. «Abu Dhabi Airports» kompaniýasy uçuşlara hasaba almak işlerini düýpgöter üýtgetmegi wada berýän «Biometric Smart Travel» taslamasynyň işe girizilendigini habar berdi. Indi ýolagçylar uçuşdan öňki ähli amallary bary-ýogy ýedi sekuntda tamamlap bilerler. Täze ulgam hyzmatlaryň ähli toplumyny öz içine alýar: awtomatiki hasaba alyşdan we goşlary tabşyrmakdan başlap, elektron derwezelere barmaga we uçarlara münmäge çenli. Bu bolsa syýahatçylara resminamalary görkezmezden we howa menziliniň işgärleri bilen göni aragatnaşyk saklamazdan syýahat etmäge mümkinçilik berer.

Sport habarlary

8. Prezident Serdar Berdimuhamedow Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurduň abraýyny gorajak Türkmenistanyň türgenlerine gutlag iberdi. Fransiýanyň paýtagtynda Olimpiada 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriler, onuň dowamynda türgenler sportuň 32 görnüşi boýunça 329 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Her dört ýylda geçirilýän bu möhüm ýaryşlarda Türkmenistana sportuň döwrt görnüşi boýunça çykyş etjek alty türgen wekilçilik eder.

9. Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol kluby bilen türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadowyň arasyndaky şertnama ikitaraplaýyn ylalaşyk esasyna ýatyryldy. «Toparyň üstünliklerine goşan goşandy hem-de klubumyza wepalylygy üçin Süleýmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris» diýlip, Gyrgyzystanyň klubynyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda bellenilýär. Muhadow «Abdyş-Atanyň» düzümine 2024-nji ýylyň fewral aýynda goşulypdy. Süleýman gyrgyz toparynyň düzüminde AFK Kubogynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçiniň transfer bahasy 75 müň ýewro möçberinde bahalandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň