Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Windows» ulgamynyň işinde bozulma ýüze çykdy

12:0020.07.2024
0
10653
«Windows» ulgamynyň işinde bozulma ýüze çykdy
Surat: gazeta.ru

Bütin dünýäde düýn – anna güni «Windows» ulgamynyň işinde bozulma döredi. Döwlet edaralarynyň, hassahanalaryň, poçtalaryň, banklaryň, demirýol menzilleriniň, teleýaýlymlaryň, hatda 911 halas ediş gullugynyň işi togtady diýip, «MIR 24» habar berdi.

Habar ulgamlarynyň işiniň bozulmagyna «CrowdStrike» amerikan antiwirusynyň täzelenmegi sebäp boldy.

Awstraliýanyň, ABŞ-nyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň, Ysraýylyň, Germaniýanyň howa menzilleri ýolagçylara uçuşlaryň saklanýandygyny duýdurdy. Aeroportlaryň ählisinde nobatlar döredi.

«SkyNews» britan teleýaýlymy ulgamdan öçürildi, awtoulag kompaniýalaryň saýtlary işlemedi, internet ulanyjylar öz akkauntlaryna girip bilmedi.

«Flightaware» portaly «Windows» ulgamynda ählumumy bozulma sebäpli, dünýäde 2,5 müňden gowrak uçuşlaryň ýatyrylandygyny habar berdi.

ABC teleýaýlymynyň habaryna görä, tehniki bökdençlik «CrowdStrike» kiberhowpsuzlyk boýunça amerikan guramasy bilen bagly döredi.

«Windows» ulgamynyň işindäki meseläniň ilkinji sebäbi aradan aýrylsa-da, onuň täsiriniň käbir goşmaçalarda we gulluklarda duýulýandygy aýdylýar.

«Windows» dünýäde iň köp ulanylýan iş ulgamydyr, bu onuň işindäki bozulmanyň dünýä ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna täsir edendigini aňladýar. Hatda dünýäniň meşhur futbol klublary hem öz oýunlary üçin petekleri satmagy soňa goýmaga mejbur boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň